Epson L3150 Series Краткое руководство - Страница 26

Просмотреть онлайн или скачать pdf Краткое руководство для Принтер "все в одном Epson L3150 Series. Epson L3150 Series 48 страниц.
Также для Epson L3150 Series: Краткое руководство (48 страниц), Начните здесь (4 страниц), Краткое руководство (40 страниц), Краткое руководство (48 страниц), Краткое руководство (36 страниц)

Epson L3150 Series Краткое руководство
L3100 seriýa / L3110 seriýa
Wajyp howpsuzlyk görkezmeleri
O Diňe printeriň ýany bilen gelýän tok şnuruny ulanyň. Başga şnur ulanmak ýangyna ýa-da tok urmagyna eltip
biler. Şnury başga enjamda ulanmaň.
O Tok şnurunyň degişli ýerli howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini anyklaň.
O Resminamalaryňyzda ýörite görkezilmedik bolsa, printeriň tehniki hyzmatyny özüňiz ýerine ýetirmäge
çalyşmaň.
O Tok şnuruna zeper ýetmegine ýa-da onuň çolaşmagyna ýol bermäň.
O Tok şnuruny aňsat aýyrmak üçin printeri elektrik rozetkasynyň golaýynda ýerleşdiriň.
O Önümi açyk howada, gaty hapa ýa-da tozanly ýerlerde, suw we ýylylyk çeşmeleriniň ýanynda, urgy, titreme,
ýokary temperatura ýa-da çyglylyk bolýan ýerlerde goýmaň ýa-da saklamaň.
O Seresap boluň, önümiň üstüne suwuklyk dökmäň we ony öl el bilen ellemäň.
O Syýa çüýşejiklerini we syýa gutusy bloguny çagalaryň elýeter ýerinde goýmaň we syýany içmäň.
O Syýa çüýşejigini gaty çaýkamaň ýa-da ony agyr urgulara sezewar etmäň, sebäbi ol syýanyň syzmagyna eltip
biler.
O Syýa çüýşejiklerini dik saklaň we olary urgulardan ýa-da temperatura üýtgemelerinden goraň.
O Endamyňyza syýa degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň. Syýa gözüňize girse, ony haýal etmän
bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän
lukmana ýüz tutuň. Syýa agzyňyza girse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.
Dolandyryş paneli gollanmasy
Düwmeler
Printeriň toguny açýar ýa-da öçürýär.
A4 ölçegli adaty kagyza monohrom ýa-da reňkli nusgalamagy başladýar. Nusga sanyny köpeltmek
üçin (20-ä çenli), şu düwmäni 1 sekunt aralyklar bilen basyň.
Häzirki amaly duruzýar. Çap ediş golowkasyny arassalamagy başlatmak üçin,
sönüp başlaýança ol düwmäni 5 sekunt basyp saklaň.
26
düwmesi ýanyp-